Mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde talyp zenanlaryň arasynda okuw mekdebiň Zenanlar guramasynyň guramagynda “Ýürekleri hyjuwly, elleri hünärli ýaşlar” atly bäsleşik we aýdym-sazly çäre geçirildi. Bäsleşikde ene-mamalarymyzdan miras galan keşdeçilik sungatyny talyp zenanlaryň taýýarlamagynda seredildi. Inçelik we ussatlyk bilen tapawutlanan el işlerine baha berlip, talyplara baýrakly orunlar berildi. Şeýle bäsleşikleriň geçirilmegi ýaşlaryň milliligimize bolan söýgüsini ýüze çykarýar we geljekki nesillere ýetirilmegine ýardam edýär.
