Umumy sapak - Sanly ulgam we Emeli aň: esasy tapawutlar

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiziň Karary bilen tassyklanylan «Türkmenistanda ýaşlar barada döwlet syýasatynyň 2031-nji ýyla çenli Döwlet maksatnamasyny» ýerine ýetirmek boýunça meýilnamany ýerine ýetirmek bilen baglylykda, sanly ulgam bilen emeli aň tehnologiýalarynyň arasyndaky aratapawut,  kiberhowpsuzlyk,  täze programma üpjünçiliklerini ornaşdyrmak,  boýunça ýaşlar bilen pikir alyşmak, ýaşlaryň startaplaryny, täze işläp taýýarlamalaryny işjeň ornaşdyrmak barada beren tabşyryklary boýunça Aşgabat şäherindäki mehanika-tehnologiki orta hünär okuw mekdebinde 2026-njy ýylyň 21-nji noýabrynda “Sanly ulgam we Emeli aň: esasy tapawutlar” atly umumy okuw geçirildi. Umumy okuwda talyp ýaşlara sanly ulgamyň we emeli aňyň arasyndaky düýpli tapawutlar, olaryň biri-biri bilen baglanyşygy we gündelik işlerde hem-de dolandyryşda dogry ulanylyşy barada düşündiriş işi geçirildi.